Habarlar

           Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkyň saglygyny berkitmek, sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň hataryny artdyrmak babatda taýsyz tagallalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýetiniň agzalary hem mynasyp goşandyny goşýarlar. Jemgyýetiniň guramagynda paýtagtymyzdaky sport toplumlarynda gyzykly sport bäsleşikleri geçirilýär. Golaýda ýurdumyzyň Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýeti tarapyndan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen sport bäsleşigi hem muňa aýdyň mysal boldy. Paýtagtymyzyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň toý bagyny kesmegi bilen golaýda dabaraly ýagdaýda açylan köpugrly “Bagtyýarlyk” sport toplumynda geçirilen futbol ýaryşy örän gyzykly we çekeleşikli boldy hem-de janköýerlere tolgundyryjy  pursatlaryň ençemesini bagyşlady. Bäsleşik türkmen ýaşlarynyň futbola gyzyklanmasynyň soňky ýyllarda has hem ýokarlandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Basleşigiň soňunda Milli “Gyzyl Ýarymaý” jemgyýeti tarapyndan oňa gatnaşanlara gymmat bahaly sowgatlary, has tapawutlanan türgenlere  baýraklar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowsuryldy.


22232742
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11741
16170
243881
431495
22232742

Siziň IP: 216.73.216.152
2026-04-17

Связь с нами