Habarlar

          Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan hormatly Prezidentimiziň “Çaý – melhem hem ylham” atly kitabyna bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TGYMJ-niň işgärleriniň arasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk hem-de Abadan etrabyndan ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Çykyşlarda milli Liderimiziň täze kitabyna bolan buýsanç  beýan edildi. Lezzetli gök çaýa bagyşlanan kitapda getirilen rowaýatlardan söz açyldy. Gök çaý, myhmansöýerlik barada il arasynda ata-babalarymyzyň döreden nakyllarynyň kitapda juda ýerlikli ulanylandygy barada durlup geçdi. Oz halkyňyz abadan durmuşy, maddy üpjünçiligi şeýle-de ruhy taýdan galkynyşly bolmagy barada alada edýan, milli baýramlarymyz mynasybetli ylham joşgundan dörän eserlerini il-ulsumyza bagyşlaýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.   

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
24932971
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10500
20978
163201
595677
24932971

Siziň IP: 216.73.216.183
2026-10-08

Связь с нами