Habarlar

     Golaýda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň guramagynda sapaly Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nessileri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sport bäsleşikleri geçirildi. Oňa “Altyn sümmül”, “Şöhle”, “Neisl”, “Bagtyýar Nesiler”, we “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hersinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Sportuň fubol görnüşinden guralan bäsleşik turuwbaşdan gyzyklylygy bilen bu ýerde dynç alýan ýagalaryň ünsüni çekdi.
    Soňra toparlar öz aralarynda “Kim çalasyn?” oýny boýunça ýaryşdylar.
Çagalar toparlaýyn, ýagny, estafeta görnüşinde ilki topy ýere düşürmän päsgelçiliklerden aýlanyp geçip, bellenen aralygy geçmekde bäsleşdiler. Bu oýunda çagalaryň ykjamlyk, agzybirlik, birek birege ynam etmek we birek biregi goldamak ýaly häsiýetleri ýuze çykdy. Ilkinji oýunda öňki usulda suw duşamak boýunça ýaryş guraldy. Suw Gaplaryň ählisiniň deňeçer ýagdaýda doldurylmagy çagalaryň oýunlara barha türgenleşýandigini görkezdi. Sonky oýunda toparlar haltada böküp geçmek boýunça ýaryşdylar. Oýun örän gyzyklylygy bilentomaşa edýanleriň ählisine şatlyk bagyşlady. Bäsleşikde öňe saýlananlara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.     

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
24934949
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12478
20978
165179
595677
24934949

Siziň IP: 216.73.216.183
2026-10-08

Связь с нами