Habarlar

Türkmenistanyň Saglygy  goraýyş we  derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň  Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň ilatyň  arasynda “ Inçekeseliň öňüni almak we gender  deňligi” boýunça bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Aşgabat dokma toplumynda  işçi  gelin-gyzlaryň   arasynda   “Saglygymyzy  goralyň”  atly mowzuk  bilen gürrüňdeşlik  - duşuşygy  geçirildi.  Duşuşykda  ýokanç  keseli  bolan  inçekesel barada aýdylyp  geçildi. Onuň  ýurdymyzda öňüni  alyş  çäreleri  barada iş geçirilýändigi, anyklaýşy  we  bejergisi barada  gürrüň berildi.  TGÝMJ-de  hereket edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çäginde   inçekeselli näsaglara bejergini  üstünlikli tamamlamak üçin, ruhy–durmuş goldawyny  berýändigini aýdyldy. Dokma toplumynda  zähmet çekýän  gelin- gyzlaryň arasynda,  sorag-jogaplaryň üsti  bilen uly  gyzyklanma döretdi.

May 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
22434433
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1673
13551
15224
430348
22434433

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-05-02

Связь с нами