Habarlar

Halkara çagalary goramagyň guni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri şatlyk şowhun bilen bellenilip geçirilýär. Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren  ajap eýýamynda bolsa şeýle milli adatlara döwrebap öwüşgin çaýylyp, olar döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň sport mekdebinde çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň arasynda“Kim çalasyn –kim çakgan” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan çagalara howeslendiriji sowgatlar berildi.

 

 

 

 

24109912
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7369
13508
354438
414784
24109912

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-08-27

Связь с нами