Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, 2024-nji “Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynyň on dördünde tassyklanan Gender boýunça düşünjäniň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri we ýokanç keselleriň öňüni almak barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Ýokanç keselleriň öňüni almak we gender deňligi” atly geçiriljek çäreleriň iş meýilnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň şeýle-de Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikdäki ylalaşylan meýilnamasyna laýyklykda welaýatyň çäginde ýerleşýän birnäçe zawod-fabrikalarda zähmet çekýän işçileriň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilip başlandy. Şeýle çäreleriň biri Türkmenabadyň tikin fabriginiň uly zalynda 120-ä golaý işçiniň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň degişli hünärmenleriniň “Durmuş taýdan inklýuziw jemgyýet - ähli agzalaryň bilim almaga, zähmet çekmäge, öz durmuş we medeni gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle-de saglygyny dikeltmäge hukugy bolan jemgyýetdir” ýaly pikirleri öňe sürdiler. Lebap welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmanlarynyň hem-de Lebap welaýat Zenanlar birleşmesiniň geňeşiniň agzalarynyň ýaş ýa-da ýaşuly, zenan ýa-da erkek, durmuş we ykdysady ýagdaýyna garamazdan ynsan durmuşyna uly orun berilýär. Çäräniň dowamynda diňleýjilere prizentasiýalar arkaly  çykyşlar görkezildi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan degişli neşirleri paýlanyldy.

 

Yanwar 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
20772237
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4486
26064
232332
426604
20772237

Siziň IP: 216.73.216.170
2026-01-12

Связь с нами