BAŞ SAHYPA

Parasatly pederlerimiziň durmuş ýolundan ugur alyp, Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 6-njy synplarynyň arasynda TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi tarapyndan wagyz- nesihat çäresi gurnaldy.

Onda häzirki zaman türkmen maşgalasynda nesil terbiýesi barada, maşgalada çaganyň edebiniň nähili ornunyň bardygyny, maşgala gymmatlygy barada giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de diňe bir, maşgalada bolman, eýsem, daş-töwerekde hem,özüňi dogry alyp barmalydyklary barada nygtaldy.  Jemgyýet  tarapyndan geçirlen  bu  wagyz çäresi ýaş nesilleriň ýadynda  galar  ýaly dürli  mysallaryň oýunlaryň şorta sözleriň üsti  bilen geçirdi.  Jemgyýet ýaş  nesiliň  özlerini dogry alyp barmagyna hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň aladasyny  edýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22371969
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12044
13574
383108
431495
22371969

Siziň IP: 216.73.216.200
2026-04-27

Связь с нами