BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde Daşoguz şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda, hususan-da ýer titremesi hem-de şikeslerde ilkinji kömek bermek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara ýer titreme ýüze çykan ýagdaýynda dogry we howpsuz hereket etmek düzgünleri giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem, olaryň guramaçylykly ýagdaýda synp otaglaryndan çykmak endikleri ösdürilip, howpsuz ýere tiz we tertipli geçmegiň usullary görkezildi.  Mundan başga-da, şikes alan ýagdaýlarda ilkinji kömegiň ähmiýeti bellenilip, ony wagtynda we dogry ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary barada gymmatly maslahatlar berildi. Geçirilen çäre ýaş nesliň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmakda hem-de olaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22214924
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10093
15189
226063
431495
22214924

Siziň IP: 216.73.216.22
2026-04-16

Связь с нами