BAŞ SAHYPA

HormatlyPrezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylTürkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany diýýip yglan edildi. Şol işleriň netijesinde Türkmenistantyň Gyzyl Ýarymaý Milli jegyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Halkara Ynsanperwerlik hukugunyň hünärmeni,Türkmenistan Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmenleri bolup, Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistan  –  bedew batly at-myradyň mekany”  ýyly barada we “Halkara Ynsanperwerlik hukugy” barada okuw çäresini  geçirildiler.2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýilip atlandyrylmagy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işlere badalga berildi, çäräniň dowamynda Türkmenistantyň Gyzyl Ýarymaý Milli jegyýeýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Halkara Ynsanperwerlik hukugunyň hünärmeni Halkara Ynsanperwerlik hukugynyň taryhy ösüşi, onuň halkara gatnaşyklaryndaky orny, hazirki zaman dünýä syýasatynda  bu hukugyň ähmiýeti hem-de Gyzyl Haç  we Gyzyl Ýarymaý nyşanlary barada gürrüň berildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Fewral 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 1
21227781
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8201
17098
82373
605503
21227781

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-02-05

Связь с нами