BAŞ SAHYPA

Türkmenabatdaky Garrylar we maýyplar üçin sosial hyzmatlar bölüminde Gaýrat ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Täze ýyl 2026-njy ýyl mynasybetli ýaşulular  üçin çykyş etdi. Ol ýerdäki ene-atalar ýaşlyklaryny ýada salandyklary üçin bu çärä işjeň gatnaşdylar. Meýletinçiler türkmenleriň Kuşdepdi tansy, gürji tansy, türk halaýy, kawkazly Lezginka we özbek lazgi ýaly tanslary hödürlediler. Şeýle hem, “Filmi öz sazy bilen çaklaň” we başga-da köp sorag. Gatnaşanlaryň hemmesi kanagatlandy we ahyrynda garrylara süýji tortlar we iň esasysy mandarin görnüşinde Täze ýyl ruhy berildi. Çykyşlaryň ahyrynda ähli garry adamlar ýaşlyk aýdymlaryna tans etdiler. Meýletinçiler pansionata ýygy-ýygydan gelip, ýalňyzlyk duýmazlygy üçin ene-atalaryna baryp görmegi wada berdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20897247
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12716
18171
357342
426604
20897247

Siziň IP: 216.73.216.29
2026-01-18

Связь с нами