Biziñ yurdumyzda iň möhüm baýramçylyklaryň biri Garaşsyzlyk güni. Bu dabarany bellemek üçin her ýyl ähli şäherlerde we obalarda uly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaỳ Milli Jemgyýetiniñ Balkan Welaýat bölümi, Balkanabat şäherinde talyplar üçin, Balkan welaỳat tarihy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly çäre geçirdi. Çäräniñ dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiñ işgärleri Gyzyl Ýarymaý jemgyỳetiniñ döreỳiş taryhy, häzirki işi we ỳerli häkimlikler bilen gatnaşygy barada söhbet etdiler. Ikinji ýarymda talyplar muzeýe aýlanyp geçmişimiziñ taryhyna çümdüler. Muzeỳiñ tejribeli hünärmeni talyplara türkmen halkynyň ata-babalarynyň durmuşy barada köp ajaýyp maglumatlary ỳetirdiler!