BAŞ SAHYPA

Awaza şäherinde (Türkmenistan) geçirlen BMG-nyň Deňze   çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň 3-nji maslahatynyň çäginde  Marýam bint  Ali Al-Misned, Katar  döwletiniň  Daşary işler  ministrliginiň  Halkara  hyzmatdaşlygy  boýunça döwlet ministri, Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy   Maral Achilowa bilen duşuşdy.

Duşuşykda ösüş we gumanitar meseleler babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar gowşak toparlary  goldamaga, ýaşlar hereketini ösdürmäge we gumonitar  kömek  pudagynda tejribe alyşmaga gönikdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bilelikdäki taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we durnukly  netijä  ýetmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmegiň ahmiýeti wajypdygy nygtaldy.                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                         

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19159918
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8894
10571
137745
303520
19159918

Siziň IP: 216.73.216.185
2025-08-22