BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Daşoguz welaýatynyň 25-29-36-njy mekdeplerinde ÝUNISEF we TGÝMJ tarapyndan intensiw okuw-amaly sapaklary geçirildi.

Çäreler okuwçylary we mugallymlary ýer titreme döwründe özüňi alyp barmagyň kadalary we ilkinji kömegiň berlişi bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy. Gatnaşyjylar nazary bilim almak bilen çäklenmän, eýsem olar binany howpsuz terk etmegi we ilkinji kömegi bermegi iş ýüzünde berkitdiler.

Seýsmiki işjeňlik biziň sebitimiziň aýratynlygy bolup durýanlygy üçin, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmagy öwrenmek örän wajyp bolup durýar. Çäreler okuw sapaklaryny we amaly türgenleşikleri öz içine aldy. Çärä gatnaşyjylar ýer titremeleriň ýüze çykmagynyň sebäpleri, ýer titreme hadysasy wagtynda hereketleriň yzygiderligi we ilkinji kömegiň berliş düzgünleri bilen tanyşdylar. Okuw-amaly sapaklara mekdeplerden jemi 145 okuwçylardyr mugallymlar gatnaşdylar.

TGÝMJ mundan beýläk hem şu görnüşdäki işlerini dowam edip, çäreleriň çäklerini giňeltmegi we okuw usulyýetini ösdürmegi meýilleşdirýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720344
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6052
14282
70739
430988
15720344

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06