BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-den 13-i aralygynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş merkezinde jemgyýetiň ähli welaýatlaryň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileri üçin 3 günlük okuw maslahaty gurnaldy. Ýaşlar merkezleriniň meýletinçileriniň bilimlerini artdyrmak maksady bilen, okuw maslahatynyň birinji güni “Durmuş endikleri”      hem-de “Adatdan daşary ýagdaýlarda we tebiby betbagtçylyklarda dolandyrmak” mowzuklary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Meýletinçilere adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagçtlyklar ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket edilmelidigi barada gürrüňler berildi. Şeýlede toparlarda çadyr gurmaklyk boýunça özara bäsleşdiler. Okuw maslahatynyň ikinji gününde Milli jemgyýetiň ussat tälimçileri tarapyndan meýletinçilere “Lukmadan deslapky ilkinji kömek bermek” mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda meýletinçilere ilkinji kömek barada düşünje, dogry kömek bermekligiň ilkinji ädimleri barada düşündirdiler. Soňra günüň ikinji ýarymynda meýletinçiler nazaryýetde alan bilimlerini, tejribede ýagny heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda şikes alan adama doly we dogry ilkinji kömek bermeklik boýunça görkezme çykyşlary bilen özleriniň ukyp, başarjaňlyklaryny görkezdiler. Meýletinçiler bilen duşuşygyň soňky güni jemgyýetiň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileriniň arasynda sport ýaryşy geçirilip, ökde meýletinçiler öňe saýlandy. Bu geçirilen duşuşyk  jemgyýetiň ähli meýletinçilerini has-da birek-birege bolan hormaty, agzybirligi, hoşamaýlygy, milli mirasa sarpa goýmaklyk ýaly däplerini, jebisliligi we ynsanperwerlik ýaly duýgulary döretdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720422
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6130
14282
70817
430988
15720422

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06