BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminde ýerine ýetirýän iş ugurlarynyň biri “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasy bolup durýar.

Taslamanyň çäginde keselleriň öňüni alyş çärelerini geçirmekligiň we gözegçilik etmekligiň üsti bilen ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça ilatyň habarlylygyny artdyrmak, durmuş üpjünçilik, ruhy goldaw, ynsanperwerlik kömegini bermek, ilat arasynda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, pasyla görä geýinmek, dogry iýmitlenmegiň peýdasy barada wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şu gün hem Inçekesel hassahanasynda taslamanyň çäginde hünärmenler gözegçilikde duran bejergi alýan näsaglar üçin  “Kesellere garşy göreş” okuw çäresini geçirdiler. Okuw çäräniň esasy maksady keseller barada bilimini artdyrmak we bejergini doly we dogry berjaý etmegini gazanmak bolup durýar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
11775264
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13513
17547
396765
619278
11775264

Siziň IP: 44.212.99.208
2024-04-20