Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, 2023-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine gatnaşdy.
Jemgyýetiň işiniň ähli ugurlary TGÝMJ-niň stendinde giňden görkezilýär. Ähli ýurduň çägindäki işgärler we meýletinçiler tarapyndan geçirilýän işleri barada wideorolikler we fotogalareýalar jikme-jik gürrüň berýär . Bu ýerde sergä gelenler ilkinji lukmana çenli kömegiň endikleri hakynda maglumat aldylar (uly adam we çaga) simulýasion manekeni arkaly zerur endikleri aldylar, meselem ýürek-öýken reanimasiýasy.
Seýle hem, stende maglumat materiallary, ilkinji kömek enjamlary we esbaplary ilatyň has gowşak gatlagyna sosial hyzmatyň berilmegi: maýyplygy bolan adamlar üçin dört aýakly pişek we maýyplar üçin araba.
TGÝMJ-niň işiniň ähli görnüşleri boýunça broşyuralar we kitapçalar sergä gelýänlere paýlanyldy.