BAŞ SAHYPA

Golaýda 24-nji mart inçekesele garşy göreş gününe bagyşlap meýletinçileriň arasynda welaýat bölüminiň saglygy goraýyş hünärmenleri    tarapyndan “Sagdyn jemgyýet-bagtyýar  Döwlet” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýurdumyzyň ilatynyň arasynda ýokanç kesellere garşy göreşmekde, halkyň saglygyny goramakda ägirt uly işler alnyp barylýar.Çaga dogulan wagtyndan başlap ýokançlaryň öňüni almak boýunça öňüni alyş sanjymlary urulýar. Ýygnagyň dowamynda ýiti respirator, dümew keseli barada olardan nähili goranmak we olaryň öňüni almak barada giňişleýin gürrüň berildi.  Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sagdyn iýmitlenmek barada aýratynlykda bellenilip geçildi.Ýygnagyň ahyrynda gatnaşyjylaryň ählisine saglyk we öňünde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edildi.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13654498
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10127
18716
504376
581236
13654498

Siziň IP: 3.133.134.121
2024-07-27