BAŞ SAHYPA

Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş  merkezinde welaýatdan we Aşgabat şäherinden gelen 18 sany meýletinçi-tälimçileriň gatnaşmagyna okuw-türgenleşigi gurnaldy. TGÝMJ-de 17 sany ýaşlar merkezi hereket edýär. Guramaçylyk ösüş bölüminiň “Türkmenistanda  meýletinçiligi ösdürmek taslamasy”, USAID we WINROCK bilen bilelikde  “Ilatyňň taraplarynyň zerurlyklaryna we talaplaryna esaslanyp hemmetaraplaýyn sosiýal hyzmatlaryny bermek” atly mowzugy esasynda geçirildi.

 

Bu geçirilýän okuw-türgenleşikde meýletinçi-talimçiler, Türkmenistanyň sosiýal ulgamdaky kanunlary we jemgyýetçilik işiniň we bu ugurdaky hyzmatlarynyňň esaslary bilen tanyşarlar, şeýle hem   durmuşyň kyn ýagdaýlarynda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine,hyzmatyň hil ülňülerine we ahlak kadalaryna serederler. Talimçiler gumanitar diplomatiýanyň beýleki gurluşlar we guramalar bilen özara gatnaşyklary barada pikir alyşarlar.

 

Mundan başga-da 26-njy fewralda 18 sany meýletiçileriň gatnaşmagyna durmuş üpjünçilik boýunça giriş okuwy geçiriler.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13654131
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9760
18716
504009
581236
13654131

Siziň IP: 13.58.145.198
2024-07-27