BAŞ SAHYPA

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni üstünlikli bellenilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen Olimp sport mekdebinde 2008-2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli geçdi.  Ýaryşda ýeňiji bolanlara welaýat bölümi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar berildi. Yzygiderli türgenleşik adamy diňe bir beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgüni we maksadaokgunlygy terbiýeleýär.   

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
13406299
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7667
18622
256177
581236
13406299

Siziň IP: 3.235.182.206
2024-07-13