BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň goldamagynda Akdepe etrabynyň N.Andalyp ad.geňeşligindäki agyz suw desgasynyň dik guýusyna 1 sany ESW 10-65-150 NPO kysymly çuňluk nasosy “Daşoguzşäheragyzsuw” müdirliginiň işgärleri bilen bilelikde oturdyldy we şeýlelikde etrabyň ýaşaýjylaryna  agyz suwy bilen üpjün edildi.   Suw –adamyň iň ýakyn kömekçisi bolup durýar. Suw guraklygy ýeňýär, çöle jan berýär, baglaryň hasylyny ýokarlandyrýar. Suwy aýawly saklamaly! Ony her kim düşünmeli we ýatda saklamaly. Suwy aýawly saklamak –munuň özi ömri, saglygy, daşky gurşawyň gözelligini saklamakdyr.      

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
11775835
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
14084
17547
397336
619278
11775835

Siziň IP: 44.212.99.208
2024-04-20