BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyn Gyzyl Ýarymay Milli jemgyyetiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen welaýat polisiya bölüminiñ ýol bilelikde Daşoguz şäherinin orta mekdep okuwçylarynyň arasynda "Ýol hereketinin düzgünleri” atly birtopar bäslesikleri we sapaklary geçirdiler. Belli bolşy yaly, Türkmenistanda her ýyl sentýabr aýynyň dowamynda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy "atly aksiya gecirilýär.

Bäslesikler we sapaklar bir aýlyk çäräniñ maksatnamasyna giryär. Bäslesiklere we sapaklara gatnasyjylar arkaly mekdep okuwcylary özleriniñ ýol hereketiniň düzgünleri bilimini görkezdiler we yola gelmeginde ilkinji kömek bermek endiklerini kämilleşdirdiler.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
14670679
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
19540
19618
61133
508799
14670679

Siziň IP: 44.220.251.236
2024-10-03