BAŞ SAHYPA

Daşoguz welaýatynyň 29-njy orta mekdebinde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň döredilmeginiň 160 ýyllygyna bagyşlanyp, jemgyýetiň welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri okuw sapagyny geçirdiler.

Mekdep okuwçylary Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň 1863-nji ýylda döräp we häzirki wagta çenli bütindünýäde işlenilip gelinýändigini bildiler. Bu jemgyýetiniň Hereketi garaşsyz, bitarap bolup, ol ynsanperwerlik kömegini bilen adamlaryň janyny we mertebedini goramak, olara kömek bermek ýaly hereketi edýär.

Soňra meýletinçiler mekdep okuwçylara wideo şekilli arkaly 1901-nji ýylda Anri Dýunanyň baýragynyň ilkinji eýesi bolanlygy baradaky taryhyny görkezdiler.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
14669411
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
18272
19618
59865
508799
14669411

Siziň IP: 44.220.251.236
2024-10-03