Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge,gullukçylaryň hünär ussatlygyny we fiziki taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu sport bäsleşigi ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar hünär ussatlygyny,çaltlygy wedurnuklylygy talap edýän jogapkärli şertlerde özleriniň ýokary taýýarlygyny aýdyň görkezdiler.
Ilatyň saglygyna hemme taraplaýyn duýgudaşlyk edýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümini hem işjeň gatnaşyp,ýeňijilere özleriniň gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdylar.TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi tarapyndan berlen sowgatlar türgenleriň zähmetine we başarnygyna berlen ýokary baha boldy.
Şeýle sport çäreleri diňe bir hünärmenleriň kämilleşmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Watana bolan söýgüsini,köpçülikleýin sporty we raýat aladasyny has-da durnuklaşdyrmaga hyzmat edýär.
Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Beýleki habarlar

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bäsleşik geçirildi.
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasyny bilen bilelikde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün…
