Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…


2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri:onkologiýada fitoterapiýa»ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze, nobatdaky XVIII jildiniň neşir edilmegini jemgyýetiň işgärleriniň we meyletinçilerniň, myhmanlarynyň arasynda tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Düýpli ylmy-ensiklopedik işiň täze jildi, däp bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan mukaddes topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Geçirilen dabanyň çäginde jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileri üçin aýratyn täsirli amaly bölek hem guraldy. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barlyldy. Şeýle-de dabara gatnaşyjylara kitaptaky reseptler esasynda dürli dermanlyk ösümlikler demlenip hödürlendi.
Bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk bejeriş-sagaldyş tejribesi hem-de däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary hem türkmen tebigaty bilen tanyşdyrmaga uly ýardam eder. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullaryny we saklamagyň möhletlerini özünde jemleýär.
Hormatly Arkadagymyzyň Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly eseriniň nobatdaky jildi hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek, lukmançylyk ylmynyň döredijilik kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bäsleşik geçirildi.
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasyny bilen bilelikde “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün…

