Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň meýletinçileri Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän köpçülikleýin çäresini geçirdiler. Onuň şygary: süýji tagamlar üçin temmäkini goýup, gowy endiklere çalyşmaly.
Balkanabat şäheriniň esasy köçelerinde geçirilen çäräniň esasy maksady ýaşlaryň ünsüni çilim çekmegiň zyýandygyny belläp, sagdyn nesil, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini saklamagyň ähmiýetlidigini bellenýär.
Biz sagdyn gelejegimiz üçin!!! Biz sagdyn adamlar üçin!!!