Habarlar

Şu ýylyň başyndan bäri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň bölümçesi, “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasy üstünde işläp başlady. Taslamanyň işini amala aşyrmak üçin Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplary göz öňüne tutulyp, geografiki ýerleşişi sebäpli bu ýerler tebigy betbagtçylyklardan has köp töwekgelçilik edýär.

TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň işgärleri saýlanan etraplaryň mekdeplerinde, arçynlyklarynda we hassahanalarynda okuw iş maslahatyny geçirdiler. Gatnaşanlara taslamanyň işleri bilen tanyşdyrmak we ýerli jemgyýetçilik komitetlerini döretmek barada aýdylyp geçildi. Duşuşyga etraplaryň dürli guramalaryndan ýaş hünärmenler hem-de hormatly oba ýaşululary  gatnaşdylar.

 

 

Fewral 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 1
21549271
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5467
12991
403863
605503
21549271

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-02-28

Связь с нами