Habarlar

Golaýda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň gurnamagynda “Ýer titremesiniň ýokary töwekgelçiliginde we Merkezi Aziýanyň tebigy howply ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we olara garşy göreşmek üçin ýerli we Milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” atly taslamasynyň okuw-türgenleşik çäresi geçirildi. Çärä bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Täsirli geçen çärede TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň bölümçe müdiri Muhammetgeldi Allaýarow, Murgap etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Atamyrat Akmyradow we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyş edenler adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilkinji halas ediş işlerini giňişleýin düşündirdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Fewral 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 1
21550156
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6352
12991
404748
605503
21550156

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-02-28

Связь с нами