Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasynyň utgaşdyryjysynyň Türkmenbaşy şäherine iş sapary geçirildi.
13–14-nji iýul aralygynda Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasynyň utgaşdyryjysy Gawrilowanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine iş sapary geçirildi. Saparyň esasy maksady taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik geçirmek, meýletinçileriň häzirki alyp barýan işlerini öwrenmek hem-de Türkmenbaşy şäheriniň we Türkmenbaşy etrabynyň meýletinçileri üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirmekden ybarat boldy.
Gözegçilik işleriniň çäginde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we Türkmenbaşy etrabynyň meýletinçileri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň çägindäki alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
Meýletinçiler häzirki wagtda wagyz-nesihat we durmuş ugurlary boýunça işlere işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler. Olaryň esasy iş ugurlaryna ilatyň arasynda habarlylygy ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik ähmiýetli çärelere gatnaşmak we dürli ilat toparlaryna goldaw bermek degişlidir.
Şol bir wagtda geçirilen gözegçiligiň netijesinde meýletinçilik işleriniň ösdürilmeli ugurlarynyň biri hökmünde fandraýzing işiniň ösdürilmelidigi anyklanyldy. Meýletinçileriň öz başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek boýunça tejribeleriniň ýeterlik derejede däldigi ýüze çykaryldy.
Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň utgaşdyryjysy Gawrilowa fandraýzing işiniň esaslary boýunça maglumat beriş duşuşygyny geçirdi. Meýletinçilere bu işe nädip başlamalydygy, zerurlyklary kesgitlemegiň usullary, maglumat bildirişlerini taýýarlamak, mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk saklamak, şeýle hem alnan maliýe we maddy serişdeleri netijeli hem-de aç-açan ulanmak boýunça amaly maslahatlar berildi.
Fandraýzing çärelerini geçirmekde jogapkärçilik we hasabatlylyk ýörelgelerine aýratyn üns berildi. Bu ýörelgeler meýletinçilik başlangyçlarynyň durnukly ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Iş saparynyň esasy çäreleriniň biri «Durmuş endikleri» mowzugy boýunça geçirilen iki günlük okuw maslahaty boldy. Okuwyň başynda gatnaşyjylara: «Durmuş endikleri näme?» we «Durmuş endikleriniň nähili görnüşleri bar?» diýen soraglar ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi.
Okuwyň dowamynda meýletinçiler durmuş endikleriniň esasy görnüşleri bilen tanyşdylar. Olara aragatnaşyk we özara gatnaşyk endikleri, meýilnamalaşdyrmak endikleri, tankydy pikirlenmek endikleri we karar kabul etmek endikleri degişlidir.
Gatnaşyjylar bu endikleriň gündelik durmuşda we meýletinçilik işinde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Adamlar bilen netijeli aragatnaşyk gurmak, işleri meýilleşdirmek, maglumatlary seljermek we jogapkärçilikli karar kabul etmek ukyplaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Okuw dowamynda interaktiw usullar, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalar we amaly maşklar ulanyldy. Bu bolsa gatnaşyjylara täze bilimleri diňe bir öwrenmäge däl-de, eýsem olary iş ýüzünde ulanmaga hem mümkinçilik berdi.
Iş saparynyň netijesinde Balkan welaýatyndaky meýletinçileriň işleri seljerildi, mundan beýläkki ösüş ugurlary kesgitlenildi we taslama gatnaşyjylaryna usuly goldaw berildi. Alnan bilimler we maslahatlar meýletinçilere öz mümkinçiliklerini giňeltmäge, başlangyçlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we sebitde meýletinçilik hereketiniň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşmaga ýardam eder.
Geçirilen işler Türkmenistanda meýletinçilik medeniýetini ösdürmekde we meýletinçileriň mümkinçiliklerini berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.






