Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Ata Watanymyz bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde yurdumyzda adam hakdaky alada ilkinji orunda duryar. Yurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler, ösüşler özgerişler gönüden göni halkyň bähbidine gönükdirilendir. Gojaman hazary etekläp otyran Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berilen bir-birinden owadan myhmanhanalar, saglygyňy dikeltmek üçin şypahana, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar üçin dynç alyş seýilgähleri halka hyzmat etmek üçin gapylaryny giňden açýarlar. Medenýetli dynç almak üçin, saglygyňy dikeltmek üçin ahli şert mümkinçilikleri döredilen Awaza Milli syýahatçylyk zolagyny göreniňde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalaynyň miwesini aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Häzirki wagta Awaza Milli syýahatlylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär.  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan  welaýat  bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda etrabyň meýletinçileri bilen bilelikde Awaza Milli syýahatlylyk zolagyndaky Daýanç sagaldyş merkezinde Ýurdumyzyň ahli künjeginden dynç almaga gelýan  çagalaryň arasynda sportuň dürli grnüşleri boýunça, aswalda surat çekmek, deňiziň kenarynda gumdan şekiljikleri ýasamak barada çare geçirildi. Çaraniň dowamynda çagalar bilen sergileri tanyşdyk we sorag jogap arkaly gürrüňdeşlik geçirildi. Şatlyk şowhuna beslenip geçirilen çärede öz başarjaňlygyny görkezen, ýeňiji bolan çagalara Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan  welaýat  bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy. Ýüzleri nurana ruhybelent çagalar bagtly, eşretli zamanada ýaşandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaşamak üçin ahli şert mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!   

  

 

 

 

 

 

 

 

 

23826664
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9438
7381
71190
414784
23826664

Siziň IP: 216.73.216.245
2026-08-07

Связь с нами