BAŞ SAHYPA

2025-nji  ýylyň   aprel  aýynyň 4-ne  TGÝMJ-niň Merkezi  edarasynyň mejlisler  zalynda jemgyýetiň  tertipnamasyna   laýyklykda nobatdaky 10-njy  Merkezi  geňeşi geçirildi.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 2025-nji ýyl üçin ylalaşylan  taslamalaryny  tassyklamak hakynda  karar kabul  edildi.

   Günüň  ikinji ýarymynda TGÝMJ-niň  Merkezi  edarasynynyň, Arkadag şäheri we welaýat bölümleriniň  başlyklarynyň   hünärmenleriniň gatnaşmagynda  ýylyň birinji çärýegi boýunça 2025-nji  ýylyň iş meýilnamasy esasynda, ýerine-ýetirlen  işleriň  hasabaty  diňlenildi.  2025-nji  ýylyň 2-nji çärýegi boýunça edilmeli işler barada etrap  we şäherçelerde wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly wagyz-nesihat  işlerini  güýçlendirmek barada  we jemgyýetiň öňde  duran birnäçe soraglary barada maslahatlaşyldy. Şeýle hem   duşuşygyň dowamynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda  Bitaraplygyň 30-ýyllygy  mynasybetli geçiriljek birnäçe çäreler barada aýdylyp geçildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamasynyň kabul  edilmegi barada buýsançly çykyşlar boldy.

Duşuşygyň  ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän bizi şeýle bagtly, ajap döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri  aýdyldy.     

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
17695387
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11644
12943
377913
479058
17695387

Siziň IP: 18.97.14.84
2025-04-25