BAŞ SAHYPA

Meýletinçiligi ösdürmek.

 

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň guramaçylyk ösüş bölümçesiniň işgärleri 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 3-ne, Ahal welaýatynyň Magtymguly adyndaky ýaşlar geňeşliginde dürli  kärdäki ýaşlaryň  arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirdiler.

Olar özleriniň işleýän iş ugurlary” Meýletinçiligi ösdürmek” barada Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  Ahal welaýat bölüminiň   hünärmenleri Halkara ynsanperwerlik hukuklary, TGÝMJ-de,  meýletiunçilige kabul  edilşi olar  bilen geçirilýän çäreler, okuw  kurslary barada giňişleýin maglumat berdiler. Özara alynyp barylan iki taraplaýyn manyly  gürrüňdeşlik  örän gyzykly geçdi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
17695474
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11731
12943
378000
479058
17695474

Siziň IP: 18.97.14.84
2025-04-25