BAŞ SAHYPA

BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF)  “Ýer titiremäniň we tebigi betbagtçylygyň ýokary howpy bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek” taslamasynyň iş meýilnamasynyň çäginde    TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň işgärleriniň, meýletinçileriniň we bilim işgärleriniň arasynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri öňüni almak barada   BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekili täsirli gürrüňdeşlik geçirdi.  Geçirlen gürrüňdeşligiň dowamynda Mary welaýatynda howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek adatdan daşar ýagdaýlar we onyň ýetirýän täsirleri barada aýdylyp geçildi. Munda daşary hem Murgap derýasynyň suwyny arassa saklamak üçin geçirilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşyldy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Oktyabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
14670234
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
19095
19618
60688
508799
14670234

Siziň IP: 44.220.251.236
2024-10-03