BAŞ SAHYPA

Bu taslama ÝUNISEF-iň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymýaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHGÝJHF) ähliumumy (global) hyzmatdaşlygynyň çygrynda amala aşyrylýar hem-de USAID/OFDA tarapyndan maliýeleşdirilýär. ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) BHA tarapyndan goldaw berilýän taslamanyň çygryndaky hyzmatdaşlygynyň maksady Merkezi Aziýada we Türkmenistanda ýer titremäniň töwekgelçiliginiň ýokary bolmagyna mahsus şertlerde adatdan daşary ýagdaýlara we bulardan baş alyp çykmaga taýýarlykly bolmagyny üpjün etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri pugtalandyrmakdan, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlar we töwekgelçilikler boýunça bar bolan taýýarlykdan, mitigasiýanyň (töwekgelçilikleri azaltmagyň) usullaryndan, mehanizmlerden peýdalanmakdan hem-de ýerli milli häkimiýet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Teklip edilýän hyzmatdaşlyk tehniki bilimleri, amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) we ÝUNISEF-iň mümkinçiligini birleşdirmek arkaly, adatdan daşary ýagdaýlarda ilkibaşdaky zerurlyklary 1,100 adama, şol sanda 1,100 maşgala we çagalary (oglanlary we gyzlary, şol sanda maýyp çagalary) 800-e ýetirmek üçin, bahym baş alyp çykmagyň mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegini hem-de mekdepleriň administrasiýasynyň wekilleriniň we mugallymlaryň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň 980-siniň bileleşigiň tebigy betbagtçylyklara taýýarlygyny üpjün etmek boýunça çärelere we howanyň üýtgemegine garşy göreşe gatnaşmagyny üpjün eder.

Şu taslama deslapky üpjünçilik, bahym baş alyp çykmak üçin şertleri gowulandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) işgärlerine, esasy milli hyzmatdaşlara we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekillerine tälim bermek we olaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak arkaly, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ), şol sanda onuň “baş alyp çykmagyň operatiw gulluklary” hökmündäki meýletinleriniň mümkinlikleriniň artdyrylmagyna önjeýli goşant goşar.

Ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny pugtalandyrmak bu bileleşikleriň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça mümkinçiligini pugtalandyrmak boýunça çärelere gatnaşmagy arkaly amala aşyrylar. Şeýle hem munuň özi ilatyň maksatlaýyn toparlarynyň, has takygy mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň, zenanlaryň we  maýyp çagalaryň howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklar barada habarly bolmagy we bulara taýýarlykly bolmagy arkaly amala aşyrylar.

Ýokarda görkezilen meseleler ilatyň ejiz we ejir çeken toparlary üçin baş alyp çykmaga mümkinçiligiň bolmagyny üpjün etmek arkaly çözüler, munuň özi tebigy betbagtçylyklardan baş alyp çykmak boýunça ÝUNISEF-iň çagalar barada ynsanperwerlik (gumanitar) işine degişli esasy borçnamalaryna, şeýle hem Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymýaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHGÝJHJ) gumanitar hereket boýunça ählumumy (global) ýörelgelerine esaslanýan has toplumlaýyn, inklýuziw milli mümkinçilikleriniň döredilmegine ýardam berer. Şeýlelikde, taslama deslapky taýýarlygyň üpjün edilmegine, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikli zolagynda, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligine sezewar bolup biljek ýerlerde ýerleşýän ýaş meýletinleri (wolontýorlary), ýetginjek oglanlary we gyzlary çekmegiň hasabyna betbagtçylyklaryň ähtimallygyny azaltmak (BÄA) we mekdepleriň howpsuzlygy boýunça çagalaryň we degişli bileleşikleriň ýüze çykyp biljek tebigy betbagtçylyklara taýýarlygyny güýçlendirmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna gönükdiriler.

Taslamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNISEF-iň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky ýurtlar boýunça Sebit ofisi, Alma-Atadaky býuro tarapyndan goldaw berler. Mundan beýläk-de ýurt derejesindäki mümkinçilikleriň gerimini giňeltmek üçin tälim bermek boýunça anyk çäreler guralar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) taýýarlykly bolmakda, adatdan daşary ýagdaýlardan baş alyp çykmakda we töwekgelçilikleri azaltmakda ÝUNISEF üçin möhüm ähmiýetli hyzmatdaş bolup durýar, şoňa görä-de, taslama boýunça hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) işgärleriniň  ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň (TGÝMJ) welaýatlarda ilat bilen işleýän meýletinleriniň giň ulgamy bar we bular üçin maksatlaýyn ilat elýeterlidir. Meýletinçiler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde eýýäm işjeň ýagdaýda hereket edýärler. 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 31 1 2 3 4
13404799
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6167
18622
254677
581236
13404799

Siziň IP: 3.235.182.206
2024-07-13