BAŞ SAHYPA

Keýt Forbs Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň prezidentligine saýlandy.

Forbs Hereketiň taryhynda bu wezipä saýlanan ikinji aýal boldy. Ol Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň prezidenti wezipesinde geljek dört ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk eder. Onuň wezipe ygtyýarlyk möhleti milli jemgyýetleriň ses bermegi esasynda diňe bir gezek uzaldylyp bilner.

“Milli jemgyýetleri güýçlendirmek we öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin esasy ýörelgelere bil baglamagyň wagty geldi” diýip wezipä saýlanan Keýt Forbs belledi.

Keýt Forbsuň milli jemgyýetleriň Halkara Federasiýasynda 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bar. Ol hünäri boýunça auditor bolup, soňky 17 ýylyň dowamynda milli jemgyýetleriň Halkara Federasiýasynyň dolandyryşynyň agzasy boldy

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13648514
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4143
18716
498392
581236
13648514

Siziň IP: 3.135.192.215
2024-07-27