Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň agzybir işgärleri şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň şanly 99 ýyllygyny uly buýsanç bilen garşylaýar. Ine şu gün ajaýyp pursat sebäbi 2025-nji ýyl Türkmenistanda “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylydyr. Biziň Milli jemgyýetimiz her ýylyň 26-njy marty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilen baýramçylyk gününi belleýär. Nesip bolsa indiki ýyl 2026-njy ýyl we 26-njy mart bu iki jübüt senelerde TGÝMJ-niň 100 ýyllygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we uly dabarany garşylamaga taýýardyrys. Biz şu jemgyýetiň zähmet çekýän işgärleridigine begenjimiz çäksizdir. Bu ugurda Lebap welaýat bölüminiň işgärleri mundan beýläk-de TGÝMJ-ň Tertipnamasyna we Düzgünnamasyna laýyklykda köp taraply işleriniň gerimini giňeltmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys. Biz adam ynsanyna jemgyýetimiziň ynsanperwer ugurlaryna eýerip egin-egine berip hemişe işlemäge hyjuwymyzy artdyrarys. 2025-nji ýylyň 26-njy marty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkeziň zähmet çekýän işgärleriň, Russiýa döwletiniň, Gyrgyzystan döwletiniň, Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiniň GH we GÝ halkara jemgyýetleriniň wekiliýeti boýunça başlygynyň we beýleki myhmanlaryň şeýle hem TGÝMJ-niň Arkadag şäheri, Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz welaýat bölümlerindäki egindeşlerimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam aragatnaşyk arkaly wideo-duşuşyk çäresi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşýan degişli wekillere baýramçylyk gutlag sözleri berildi. Çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň şanly 99 ýyllygy bilen gutlag sözlerini aýtdylar. Şu pursatda öz adymdan we işgärleriň, meýletinçileriň adyndan merkezimiziň agzybir işgärlerini gatnaşýan wekilleri, meýletinçileri şeýle-de TGÝMJ-niň Arkadag şäheri, Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz welaýat bölümlerindäki egindeşlerimizi bu baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaýaryn! Sözümiň soňunda bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Köp sag boluň.