BAŞ SAHYPA

Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek  öňden  gelýän däpleriň birine  öwrüldi. 1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri BMG-de “Halkara aýallar güni” bellenilip geçilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp,   Arkadagly    

Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň gelin-gyzlaryna pul sowgadyny bermek hakynda buýruga gol çekdi. Şol  mynasybetli     

2025-nji  ýylyň mart  aýynyň 6-na TGÝMJ-de  zähmet çekýän gelin-gyzlara Hormatly Prezidentimiziň pul  baýragyny dabaraly  ýagdaýda  gowşuruldy.

       Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle buýsanjyň eýeleri bolan  zenanlarymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.

Milli gylyk-häsiýetleri özinde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun!

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17192314
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8841
17353
353898
419489
17192314

Siziň IP: 18.97.14.83
2025-03-23