BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Merkezi Aziýada ýertitremäniň we tebigy betbagtçylygyň ýokary töwekgelçiligi bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek boýunça ýerli we milli mümkünçiligi berkitmek“ taslamasynyň meýilnamasy esasynda Ak bugdaý etrabynyň 6-njy orta mekdebinde, 25-nji fewralda Tejen etrabynyň 34-nji mekdebinde, 26-njy fewralda Tejen etrabynyň 6-njy mekdebinde banner asmak çäresi geçirildi. Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak endikleri barada maglumat berýän banner mekdepleriň zalynyň görküne–görk goşdy. Bu edilen işler üçin mekdep ýolbaşçylary özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17192720
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9247
17353
354304
419489
17192720

Siziň IP: 18.97.14.83
2025-03-23