Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň “Ýer titremäniň we tebigy betbagtçylygyň ýokary howpy bolan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek” taslamasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň edara jaýynda 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 01-ne okuw çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileriniň we Lebap welaýat Bilim bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekili Bilim işgärleriň we jemgyýetiň meýletinçileriniň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy berkitmek üçin edilmeli işler, ADÝ-da meýletinçileriň hereketi, meýletinçi diýmek näme” atly mowzukda çykyş etdi. Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar toparlara bölünip öz düşünjesini, ADÝ-da ediljek hereketler, taýýarlygy berkitmek maksady bilen edilmeli hereketler barada çykyş etdiler. Netijede Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar gaznasynyň wekili we meýletinçiler birek-biregi hyzmatdaşlyga ynandyrdylar we geçirilen okuwa kanagatlandyrdylar.