BAŞ SAHYPA

Habarlar

Biz Barada

MODUL

Makala

GALEREÝA

Habarlaşmak

Meýletinçi bolmak

BAŞ SAHYPA

2023-nji ýylyň Fewral aýynyň 06-na  Türk Respublikasynda ýertitremede ejir çeken raýatlary üçin, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ugratdy. Bu tapgyrda çagalar we ulylar üçin egin-eşikler, aýakgaplar, yorganlar we sahsy gigiýena degişli önümler ugradyldy.

Ýük awtoulaglary bilen ulylar we çagalar üçin niýetlenen sport eşikleri, aýakgaplary, jinsler we polotenseler bilen gaplanan 700-den gowrak korobka-gutulary Türkmenistan (Aşgabat)---Eýran---Türkiýe (Gaziantep) ugry boýunça 7 (ýedi) tonnadan gowrak ýükler eltilip beriler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2023
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 1 2
8495612
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15170
27722
234968
606278
8495612

Siziň IP: 44.200.145.223
2023-06-09