BAŞ SAHYPA

Halkara ynsanperwer hukugyny uýgunlaşdyrmak maksatnamasy  hereketde!

 Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) bilen bilelikde öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny (HYH) giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça  çäreleriň toplumlaýyn maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 Maksatnamalaýyn çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli guralýan okuwlaryň maksatnamasynyň  çäginde HYH-nyň binýatlaýyn esaslaryna bagyşlanan okuw sapaklary geçirilýär.  HYH-na bagyşlanan okuw sapaklarynyň toplumy (Moduly) işlenip taýýarlanyldy, makyllanyldy we bellenen tertipde tassyklanyldy, şeýle-de çap edildi we TMBI-na berildi. Moduly orta umumybilim mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda ýaýratmak meýilleşdirilýär. 2013-nji ýyldan başlap, HYH-yň esasy bölümleri orta bilim mekdeplerinde okadylýan jemgyýetçilik dersleriniň okuw maksatnamalaryna girizilendir. Modulyň ýazmaça beýany TGÝMJ-nyň web-saýtynda ýerleşdirildi.

 11.06.2015 ý. TMBI-ynda Moduly yzygiderli ornaşdyrmagyk çäklerinde seminar okuwy geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň we etraplaryň bilim bölümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik derslerinde sapak berýän mugallymlar gatnaşdylar. Amaly okuwyň meýilnamasyna Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işiniň binýatlaýyn ýörelgeleri we iş ugurlary, şeýle-de halkara ynsanperwer hukugynyň esasy kadalary bilen tanyşmak we olary öwrenmek meseleleri girizildi.

    * * *

 HYH-ny giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasyna dürli ugurdaky diňleýjileriň gatnaşmagynda seminar sapaklaryny geçirmek işine giň gerim berilýär. 09.06.2015ý. şunuň ýaly amaly okuw harby bölümleriň birinde geçirildi.  Oňa harby gullukçylaryň 60-dan gowragy gatnaşdy. TGÝMJ-niň işgärleriniň gurnamagynda geçirilen seminar sapagynda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny TGÝMJ-niň işi bilen baglylykda öwrenmek meselelerine garaldy. Gün tertibine girizilen möhüm ugurlaryň  ýene-de biri neşe serişdeleriň ýaýradylmagynyň we peýdalanylmagynyň öňüni almak we garşy durmak meselesine bagyşlandy.

  * * *

 HYH-nyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri ilat köpçüliginde giňden wagyz etmekde we ýaýratmakda görkezme esbaplaryny peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýörite şu meselelere bagyşlanan diwarlyk suratlary alyndy. Olary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky düzümlerinde, harby bölümlerde we okuw edaralarynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18473254
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3067
13999
222894
486034
18473254

Siziň IP: 216.73.216.88
2025-06-15