Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mijlisler zalynda “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” atly çäre geçirildi, oňa BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekili we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň Türkmenistandaky wekili jemgyýetiň hünärmenleri we meýletinçileri gatnaşdylar.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde dünýä derejesindäki häzirki meseleleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlary, şol sanda ýokary gymmatlykly ynsanperwer ugury döretmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns berildi. Döwlet syýasatynyň esasy ugry döwletleriň özara bähbitlerini we adam hukuklarynyň goralmagyny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ugurlarynyň ileri tutulmagyny goldaýar.Şeýle hem, çykyş edenler meşhur şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-nji ýylda biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bellenilmegi barada durup geçdiler. Beýik şahyryň we akyldaryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Şygyrlary adamlaryň ýüreginde ýaňlanýar, sebäbi hemişelik adamzat gymmatlyklaryny - Watana bolan söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dostluga we doganlyga çagyrýar.

Garaşsyz , Bitarap ýurdumyzyň adam hukuklaryny, bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde yglan edilip hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutup, degişli resminamalary berjaý etmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, milli jemgyýetiň alyp barýan işiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketiniň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk, meýletinlik ýaly esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigi bellenildi.

 

 

13654421
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10050
18716
504299
581236
13654421

Siziň IP: 18.226.82.32
2024-07-27