Habarlar

Şu ýulyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “ Ýyldyz” myhmanhanasynda “Bitaraplyk we ynsanperwerlik  ýörelgeleri halkara maslahat” atly  geçirildi. Bu maslahatyň Türkmenistanda iş ýüzünde durmuşa geçirilip bilinjekdigi barada gürrüň edildi. Duşuşyk  “ Ýer titremesi we tebigy betbagtçylyklar bilen baglanyşykly howpy ýokary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek, ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek ” taslamasynyň çäginde geçirildi.

  Halkara maslahat Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Federasiýasynyň we ABŞ-niň merkezi komitetiniň kömegi bilen guraldy. Halkara maslahat TMGÝJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat şahamçalarynyň işgärleri, ministrlikler we banklar, şeýle hem halkara bilermenler – BMG-niň  wekilleri, Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK), Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Agentligi Halkara ösüş (USAID), HGHGÝ wekilleri - Paulin Kaspellan we Marsin Podlesny  gatnaşdylar. Wekilçilikli çäräniň meýilnamasyna çekişmeler we toparlaýyn işler girdi.

 

Milli we halkara hünärmenler, TMGÝJ-niň işi we milli jemgyýetiň Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaý guramalarynyň halkara hereketi bilen täsiri, nagt we nagt däl tölegleriň kömegi ulgamynda halkara tejribesi we öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrdylar. Halkara maslahata gatnaşyjylar  betbagtçylyga taýýarlyk nukdaýnazaryndan garamak meselelerini gözden geçirdiler, nagt we nagt däl tölegleriň üsti bilen ynsanperwer kömek bermek baradaky kanunyň ähmiýeti we ony durmuşa geçirmegiň peýdaly taraplary, şeýle hem zerurlyklary barada pikir alyşdylar.

 

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek üçin hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

13653545
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9174
18716
503423
581236
13653545

Siziň IP: 18.117.229.180
2024-07-27