Her ýylyň 24-nji martynda inçekeseliň saglyga we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleriniň öňüni almak we oňa garşy göreşmek maksady bilen “Bütindünýä inçekesel güni” bellenilýär.
“Bütindünýä inçekesel güni” mynasybetli TGÝMJ-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler inçekeselli näsaglara durmuş üpjünçilik goldawyny bermek baradaky taslamanyň TGÝMJ-nyň alyp barýan işleriniň bir bölegi bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Çäräniň dowamynda raýatlara ýakyndan kömek bermek, inçekeseliň zyýanly täsirleriniň faktorlaryny düşündirmek baradaky çykyşlarda ýörite prezentasiýalaryň görkezilmegi wagyz-nesihat çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmek boýunça nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler buýsanç bilen aýdyldy.