Saglygym-baş baýlygym
2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gurnamagynda Mary welaýat bölüminiň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Saglygym-baş baýlygym” atly…
2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň gurnamagynda Mary welaýat bölüminiň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 9-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Saglygym-baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Saglygy Goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümi boýunça alynyp barylýan işleri barada aýdylyp geçildi. Esasan-da howanyň uýtgemegi bilen adam bedenine ýetirýän täsirleri barada mowzuk okaldy. Bu çärä Tagtabazar etrap hassahanasynyň şepagat uýasy okuwçylara temmäkiniň ýaş nesiliň aňyna ýetirýän zyýany barada, okuwçylaryň saglygyny goramak üçin gündelik bedenterbiýe maşklarynyň ýerine ýetirilmelidigi, zyýanly endiklerden daşda durmalydyklary barada gyzykly gürrüňler berdi. Mekdebiniň mugallymy bolsa mekdep okuwçylaryna tertip-düzgüni barada köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edebi barada, ösüp gelýän kiçi ýaşly çagalara görelde bolmalydyklary barada maslahat berdi.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
