Howpsuzlyk — ileri tutulýan ugur: Daşoguz welaýatynda giň gerimli tälim geçirildi
Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, Daşoguz welaýatynda nobatdaky möhüm tälim beriş…

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, Daşoguz welaýatynda nobatdaky möhüm tälim beriş okuwy üstünlikli geçirildi. Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de degişli döwlet edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu okuw Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaýbaňlandyryldy. 2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Tälimiň esasy maksady — adamlaryň Türkmenistana mejbury ýagdaýda köpçülikleýin göçüp gelen ýagdaýlarynda, olara wagtlaýyn gorag bermek bilen bagly ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary netijeli aradan aýyrmakdan ybarat boldy. Okuwyň dowamynda halas ediş gulluklarynyň işgärleri bilen bir hatarda, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar çylşyrymly ýagdaýlarda çalt we takyk hereket etmegiň usullaryny iş ýüzünde synagdan geçirdiler. Şeýle-de degişli edaralaryň arasynda utgaşykly iş alyp barmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Geçirilen çäre diňe bir tejribe alyşmak üçin däl, eýsem geljekde ýüze çykyp biljek howplara öňünden taýýarlyk görmek babatda hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly üpjün edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.




Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

