Bütindünýä Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaýyň döredilmeginiň 163 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynda “Ynsanperwerligiň beýany” atly sergi geçirildi.
Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň döredilmeginiň 163 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täsirli sergi guraldy. Bu çäre ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň we birek-birege…

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň döredilmeginiň 163 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täsirli sergi guraldy. Bu çäre ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň we birek-birege goldaw bermegiň beýik gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksadyny özünde jemledi. Sergä Daşoguz welaýatynyň Alp-Arslan adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Ýaşlar serginiň dowamynda diňe bir maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşdaky ornuna çuňňur düşünmek mümkinçiligine eýe boldular. Çäräniň dowamynda Halkara Gyzyl Haç hereketiniň esas goýujysy Anri Dýunanyň ömri, onuň dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlary hem-de bu hereketiň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüňler edildi. Bu bolsa talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Sergi ýaş nesillerde rehimdarlyk, kömek bermäge taýýarlyk we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Şeýle çäreler jemgyýetde ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkidilmegine uly goşant goşýar.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

