«Garaşsyzlyk nesli: berkarar Watanyň wepaly goragçylary»
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Etrek etrap şahamçasynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminiň bilelikde 09.07.2026y. gurnamaklarynda, 2026-njy “Gataşsyz,…
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Etrek etrap şahamçasynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminiň bilelikde 09.07.2026y. gurnamaklarynda, 2026-njy “Gataşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda uly ruhybelentlik bilen bellenilip geçiljek Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli harby gullukçylaryň arasynda täsirli wagyz-nesihat maslahat duşuşuk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edýänler, Şanly Garaşsyzlyk ýyllarymyzda, Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny uly üstünlikler bilen, alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň harby edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Watan gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak, harby goragçylarynyň talabalaýyk gulluk etmekleri, olaryň bilim we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirilmegi, Şeýle hem Watan goragçylary üçin, ajaýyň ýaşaýyş jaýlaryň hem-de dünýä ülüňlerine gabat gelýan harby edaralaryň täze binalarynyň gurulup ulanmaga berilýändigi barada uly buýsanç bilen aýdyldy.
Şeýle hem çäräniň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörjülikli parasatly ýolbaşçylygynda bu gün, Garaşsyz we Baky Bitrarap döwletimiziň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, sagdynlygyň, ruhybelentligiň we bagtyýarlygyň merkezine öwürlendigi hem-de ýeten beýik sepgitleri, gazanan uly üstünlikleri barada giňişleýin beýan edildi.
Çäräniň ahrynda çykyş edýänler, Türkmen halkyna ajaýyp bagtyýar zamanany döredip beren, Türkmenistan döwletiniň at-abraýyny bütün belent derejelere ýetiren, Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläk hem, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp arýan ähli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
