Almatyda Merkezi Aziýada tebigy betbagtçylyklara halkara derejede çäre görmek baradaky sebitleýin Ylalaşygyň taslamasy maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça merkeziniň binasynda tebigy betbagtçylyk çäreleri…

2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde, Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça merkeziniň binasynda tebigy betbagtçylyk çäreleri baradaky kanunçylyga bagyşlanan Sebitleýin maslahatlaşma seminary geçirildi.
Bu çäre Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara Federasiýasy bilen bilelikde gurnaldy. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrlikleriniň we Raýat goranyşy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi hem-de hünärmenleri, Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem sebitdäki Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti adatdan daşary ýagdaýlaryň esasy töwekgelçilikleri ýaly möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar serhetüsti adatdan daşary ýagdaýlara çäre görlen wagtynda adatdan daşary ýagdaýlar edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk gurallaryna aýratyn üns berdiler.
Seminaryň ahyrynda geçirilen jemleýji çekişmelerde gatnaşyjylaryň Ylalaşyk taslamasyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri ileşdirildi hem-de degişli maslahatlar berildi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
