Daşoguz şäherinde çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça sport bäsleşigi geçirildi
TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan…

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýangyn howpsuzlygy boýunça sport bäsleşigini geçirdiler. Çäräniň esasy maksady çagalaryň ýangyn howpsuzlygy baradaky bilimlerini pugtalandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegiň endiklerini kemala getirmek hem-de olarda howpsuzlyk medeniýetini ösdürmekden ybarat boldy. Sport bäsleşiginiň dowamynda çagalar toparlara bölünip, dürli gyzykly we täsirli ýaryşlara gatnaşdylar. Şeýle hem olar ýangyn söndüriji enjamlary dogry we howpsuz ulanmagyň usullaryny amaly taýdan görkezip, görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň hünärmenleri tarapyndan berlen düşündirişler we amaly maslahatlar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşik şatlykly we ruhubelent ýagdaýda geçip, gatnaşyjylaryň howpsuzlyk babatdaky bilimlerini has-da baýlaşdyrmaga, jogapkärçilik duýgusyny ösdürmäge hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge ýardam berdi.



Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…

