Daşoguzda Halkara maýyplaryň güni sport çäreleri bilen utgaşykly geçirildi
3-nji dekabrda Daşoguz şäheriniň sport klubynda Halkara maýyplar güni mynasybetli sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşlar TGMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan mümkinçilikleri çäkli…

3-nji dekabrda Daşoguz şäheriniň sport klubynda Halkara maýyplar güni mynasybetli sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşlar TGMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin gurnaldy.
Mälim bolşy ýaly, her bir ynsanyň, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşynda sport ägirt uly orny eýeleýär. Ol saglygy berkitmegiň, fiziki we akyl taýdan kämilleşmegiň iň täsirli usulydyr. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak, munuň özi jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak we mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hemmetaraplaýyn kämilleşmekdir.
Halkara derejesinde bellenilýän sene mynasybetli geçirilen sport çäresinde gatnaşyjylara höweslendirji sowgatlaryň gowşurylmagy we baýramçylyk dabarasynyň gurnalmagy bilen tamamlandy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.


Beýleki habarlar

Ahalda gecirilen ýangyn -amaly sport bäsleşik. MAKALA.
2026-nji ýylyň 12-16-nji oktýabr aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Içeri Işler ministliginiň ,,Ýangyn –amaly sporty” boýunça giň göwrümli we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.Ýurdumyzda bedenterbiýäni…

Saglygyň egsilmez hazynasy: «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde (TGÝMJ) dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor…

Daşoguz welaýatynda “Halas bolmaga 120 minut” atly döredijilik we bilim bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF)…
